Dizaınerler nädip müşderilerini aldaıarlar CorelDRAW ıa

Transcripción

Dizaınerler nädip müşderilerini aldaıarlar CorelDRAW ıa
RENKLI
ŞEKILLER
Dizaýnerler nädip
müşderilerini aldaýarlar
PHOTOSHOPmy ýa-da
HAKYKY
AÝYŇ ŞRIFTI
AaBbÇç
1234567890
CorelDRAW ýa-da
Adobe Illustrator
Gizlin manyly logolar
RENKLI
ŞEKILLER
Eger mende bir alma bar bolsa, sende hem bir alma bar bolsa, men saňa almamy bersem,
sen hem maňa almaňy berseň, her haýsymyzda ýene-de bir alma bolar. Eger mende bir pikir
bar bolsa, sende hem bir pikir bar bolsa, men saňa pikirimi bersem, sen hem maňa pikiriňi
berseň, her haýsymyzda iki pikir bolar.
MAZMUNY
GYSGAÇA MAZMUNY
Dizaýnerler nädip
müşderilerini aldaýarlar
Aýyň şrifti
S11, ŞRIFT
“Biz iň öňdebaryjy mahabat
agenstwalarynyň biri.”
“Men şonsyzam bu dynç güni
hiç zat meýilleşdirmändim,
işlejekdim.”
“Hawa, mahabat
agenstwasy diýýänim öýümde
ýerleşýär, ýekeje kompýuter
bilen öý eşikde işleýän.”
“Bagyşlaň çagalar,
Ertekiler dünýäsine indiki
hepde ýa-da soňky hepde
gideris.”
S4, GÜLÝÄS
S14, MAGLUMATLAR
CorelDRAW
Birnäçe
ýyllaryň
dowamynda
Grafik
dizaýnerleriň arasynda dowam edip gelýän “Ulanmak
üçin Adobe Illustrator gowumy ýa-da CorelDRAW ? ”
diýilýän hyşy-wyşy jedelleri häzirem ýatanok. Aslynda
seredip görsek bu ajaýyp programmalaryň ikisi hem
şol bir zat üçin niýetlenen. Ýagny ikisi hem wektor
grafika üçin ulanylýar. Ýöne biz ulanmak üçin haýsysyny
saýlamaly, ýa-da bu iki programmanyň edýän işleri
nämede tapawutlanýarka?
S6, jogaby S10
Photoshopmy ýa-da hakykymy
S8, ÝEWROPA
Ýewropaly dizaýnerler bilen söhbetdeşlik
2 RENKLI ŞEKILLER
S13, GÖLLER
CDR görnüşlerdäki göller
MAZMUNY
MAZMUNY
GYSGAÇA MAZMUNY
S18, REŇKLER
Owadan reňkleriň sazlaşygy
Hyundai
Köp kişiniň pikir edişi boýunça Hyundai
awtoulag kärhanasynyň logosy diňe baş “H” harpy
bolup durýar. Ýöne H harpy satyjy bilen müşderiniň
el gysyşyp duran siluetinden emele gelýär. Şunlyk
bilen dizaýnerleriň gizlin görkezen zady: kärhana we
müşderi hemişe ylalaşykly bolar.
S19, LOGO
Logolar hakda
Evernote
Pilleriň huşy beýleki jandarlara garanyňda has
ýitidir we ol ýüzleri hem-de wakalary ýadynda saklap
bilýär. Eddil şol sebäpli bellikler programmasynyň
logosy pil. Piliň gulagy çala kagyzyň burçy eplenen
ýaly eplenipdir. Munyň bilen Evernote bize hiç zady
ýatdan çykarmajagyňyza güwä geçip biljekdigini
aýdýar.
MAZMUNY
RENKLI ŞEKILLER
3
GÜLÝÄS
GÜLKINÇ ÝAZGYLAR
DIZAÝNERLER NÄDIP MÜŞDERILERINI ALDAÝARLAR
Ýalan
Çyn
“Men gyzyl reňki hyjuw we
güýç bersin diýip ulandym.”
“Programmada reňk
saýlanylýan menýu gireňde,
ilkinji çykýan reňk gyzyl.”
“Eden işimiň bahasyny
haçan pulyňyz bolsa şonda
töläýiň.”
“Oglumyň dişini doktora
bejertdirmeli. Bol şuwagt
töle!”
“Hawa, dogrydanam siziň
şu aýdyşyňyz ýaly etsem,
gowam boljak ekeni.”
“Bütin dizaýny bulaşdyryp
goýduň. Ussa berde eliňi çek
nakyla eýeribermeli. Bolýala,
müşderiňki hemişe dogry.”
“Men logo üçin hemişe
2000 manat alýadym.”
“Men bular ýaly gymmada
hiç logo ýasap görmedim.
Şunyň beýnisini bulaşdyryp,
köpräk alyp bolmazmyka?”
“Dizaýn prosessi başdaky
göz öňüne getirişimden
azajyk uzaga çekdi.”
“Sizden çenden aşa
düzediş girizeniňizden boldy
şol. ”
“Oýun edýäňmi? Kimiň
öýünde häzir faks galdy? Daş
asyryna öwürdiň.”
“Men broşurkanyň soňky
görnüşini häziriň özünde size
iberýärin.”
“Men işi wagtynda
bitirmedim we şuwagt
gürleşen bolup wagt egläp
otyryn.”
“Meniň faksym döwüldi,
bejergä berdim. Elektron
poçta bilen ugradaýjak.”
“Altyn gatnaşyk
(proporsiýa) teoriýasyna
eýerip edilen dizaýn hemişe
owadan bolýar ”
“Men altyn gatnaşyk
sözüni diňe žurnalda okadym.
Akylly görünjek bolup
aýdaýdym.”
“Bagyşlaň, men bu aý
siziňem işiňize boýun alsam,
ýetişmerin.”
“Sen gaty içýakgyç
müşderi. Onsuzam fantaziýam
küteldi meniň.”
“Biz iň öňdebaryjy mahabat
agenstwalarynyň biri.”
“Hawa, mahabat
agenstwasy diýýänim öýümde
ýerleşýär, ýekeje kompýuter
bilen öý eşikde işleýän.”
“Men şonsyzam bu dynç güni
hiç zat meýilleşdirmändim,
işlejekdim.”
“Bagyşlaň çagalar,
Ertekiler dünýäsine indiki
hepde ýa-da soňky hepde
gideris.”
“Siz buýurmaňyzy biz ilkinji
bolup ýerine ýetireris. ”
4 RENKLI ŞEKILLER
“Ilki bilen hemişe işleşýän
gowy müşderilerimiň işini
edeýin.”
GÜLÝÄS
Çyn
Çyn
GÜLÝÄS
GÜLKINÇ ÝAZGYLAR
“Biziň agenstwamyz diňe
Türkmenistanda däl, hat-da
daşary ýurtlarada-da belli. ”
“Gyrgyzystanda talyp
wagtym ýerli biri müşderim
bolupdy.”
“Men daňa çenli işledim,
siziň işiňizi ýetişdirjek
boldym. ”
“Gije 3e çenli serial
gördüm, 3-den soň işläp
başladym.”
“Logonyň gurluşynda
geometriýanyň tegelekler
düzgüni ýatyr.”
“Şul söz hemişe
müşderilemde uly gyzyklanma
oýarýar.”
“Ýok ýok meniň işim
ýok. Näme hyzmat, men
diňleýän?”
“Ýaňy bir nahara
otyrypdym. Agşam 8de-de bir
adama jaň edilermi?”
“Siziň häzirki web
saýtyňyzam erbet däl. Ýöne
sähel üýtgeşme girizip,
owadanlaşdyrmak bolar.”
“Eý Hudaý, meniň
gözlerim, meniň gözlerim...”
“Inä meniň portfoliomda
güýçli kärhanalar üçin eden
işlerimi görüp bilersiňiz. Nika,
Ford we Coca-Cola.”
“Olar resmi kabul edilmändi
we ýokary okuw jaýynda
wagtym diplom işlerimdi.”
“Häzir göreýin, bu
aýyň dowamynda ýene
bir müşderä hyzmat edip
bilýänmi?”
“JEKPOT! Karzyna
pul aljak bolup durdym.
Goýbolsun edeýin.”
“Men müşderilerime
hemişe köp görnüş
hödürlemegi halaýaryn.”
“Şrifti saýlap bilmän 3
görnüş etdim. ”
Ýalan
Çyn
GÜLÝÄS
RENKLI ŞEKILLER
5
PHOTOSHOPmy ýa-da HAKYKY
Kiçi bölek kagyz alyp, 1den 25e çenli suratlary ünsli seljeriň we haýsy surat
Adobe Photoshop programmasynyň kömegi bilen ýasalan, haýsy surat fotoaparat
bilen düşirilen bilmäge çalyşyň we jogaplaryňyzy kagyza belläň!
Jogaplary 10njy sahypada. ÝEWROPA
ÝEWROPALY DIZAÝNERLER
Salam, men Türkmenistandan, men öwreniji
dizaýner we web studioda grafik dizaýner hökmünde
işleýärin. Professional birinden maslahat almak isledim
we siziň eden işleriňizi gördüm, haladym. Özüňiz hakda
we iş tejribäňiz hakda aýdyp beräýseňiz. Size birnäçe
sorag bermek isleýärin. Siz nirden ylham alýaňyz we
nämeden ylhamlanýaňyz? Ikinji soragym bolsa şeýleräk,
şriftleri nädip ýasaýaňyz, şrift ýasamak, döretmek üçin
nähili programmalary ulanýaňyz?
Söhbetdeşlige razy bolanyňyz üçin sag boluň!
Meniň adym Maher Kadri. Men Damaskda ýokary
okuw jaýynyň nepis sungatlar fakultetini tamamladym.
Iordaniýanyň Amman şäherinde Canary tv kanalynda
dizaýner bolup işledim. Soňra Türkiýede frilanser hökmünde
işledim. Häzirki wagtda Damaskda web we grafik dizaýner
hökmünde işleýärin.
Ylham hakda aýtsam, ähli zatdan öňürti dowamly
tejribe etmeli, bolsa bolmasa garaşylan netijäni berse
bermese dowamly tügenleşmeli. Hiç ýeňilmän, ruhdan
düşmän hemişe täze zatlary barlap görmeli. Tejribe
gazanmaly we tejribe gazanmaly... “Iň gysga wagtyň içinde
näçe köp ýalňyşmaşak” oýuny diýsegem bolar. Gürrüň gowy
netije hakynda giden däldir üns beren bolsaňyz. Gürrüň
siziň dowamly täze zatlary barlap görmegiňizde barýar.
Siz wagtyň geçmegi bilen edýän işleriňiziň düýpgöter täze
owadan keşbe girýänini görersiňiz.
Şrift ýasanymda internetden şrift alýanda üýtgeşme
girizýän. Söhbetdeşlik üçin sag boluň! Işiňde üstünlik!
Frilanser (Freelancer) - Dizaýner, ýazyjy, terjimeçi, suratçy we ş.m dürli hünärlerden başy
çykýan we öz hyzmatlaryny sagatlaýyn, günlik we ş.m. wagt sürelerinde hödürleýän kişi. Hemişe
belli bir edara iş ýerine bagly bolmazdan öz başyna işleýänler.
8 RENKLI ŞEKILLER
ÝEWROPA
6-7 sahypalardaky suratlaryň jogaplary
Photoshop
Photoshop
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Hakyky
ŞRIFT
AÝYŇ ŞRIFTI
Aýyň şrifti
Fewral Rsh
AaBbÇç
ABÇDEÄFGHIJŽKLMNŇOÖPRSŞTUÜWYÝZ
abçdeäfghijžklmnňoöprsştuüwyýz
0123456789*#&%!?.,:;(-)
de
f
üm tf
öl
.t z!
rb
la
sh siňi
dy l R iler
un
ra , p b
oş
w irip any
Feind ul
G
ŞRIFT
RENKLI ŞEKILLER
11
l
aý
GÖLLER
WEKTOR GÖRNÜŞDE GÖLLER
de
üm
öl ýly p
r b fa y
la r lan z!
dy cd , u siňi
r. ip r
le indir bile
un
öl
G
oş
G
13
RENKLI ŞEKILLER
GÖLLER
MAGLUMATLAR
GYZYKLY MAGLUMATLAR
CorelDRAW
Birnäçe ýyllaryň dowamynda Grafik dizaýnerleriň
arasynda dowam edip gelýän “Ulanmak üçin Adobe
Illustrator gowumy ýa-da CorelDRAW ? ” diýilýän hyşy-wyşy
jedelleri häzirem ýatanok. Aslynda seredip görsek bu ajaýyp
programmalaryň ikisi hem şol bir zat üçin niýetlenen. Ýagny
ikisi hem wektor grafika üçin ulanylýar. Ýöne biz ulanmak
üçin haýsysyny saýlamaly, ýa-da bu iki programmanyň edýän
işleri nämede tapawutlanýarka?
Özüm hakynda aýtsam, özüm professional dizaýner däl.
Ýöne grafik işleri üçin gerek bolanda CorelDRAW ulanýan. Onuňam
sebäbi – kompýuter kurs merkezine ýazylamda Adobe Photoshop we
CorelDRAW öwrenipdik. Şondan soň, belki elim öwrenşendir bilemok,
CorelDRAW gözüme has amatly we ýeňil bolup göründi. Aralarda Adobe
Illustratorda işlejek bolup gördüm, eger-eger bolar ýaly däl. Düşnüksizräk
we oňaýsyzrak geldi meniň üçinä. Bu blogda CorelDRAW programmasy
we onuň edýan işleri hakynda gürrüň bermekçi. Ilki bilen aýtjak zadym, egerde siz Mac ulanýan bolsaňyz, siz Illustratory saýlamaly bolarsyňyz. Sebäbi
CorelDRAW esasan Windowsda ulanylýar. CorelDRAW programmasynda
birnäçe formatdaky faýllary (şol sanda Illustratoryň faýlyny) özüne import
edip ulanmak mümkinçiligi berlendir. Illustrator bolsa, ondan tapawutlylykda
öz “kollegasynyň” bardygy hakynda pikirem edenok.
Bir zady göz öňüňize getirmäge synanyň: Teksti we grafikany bir
faýlyň içinde jemläp, ýa-da bilelikde işläp bolmasa nähili bolardy? Gerekli
netijäni almak üçin dürli programmalary ulanyp birzatlar etjek bolardyk.
CorelDRAW döreýänçä kompýuter bilen edil şeýle işlenýärdi. 1989-njy ýylda
CorelDRAW programmasy dürli reňkli wektor illýustrasiýalary we sahypalaryň
makedini döretmek arkaly kompýuter grafikasynda täze bir açyş etdi. Ýene
iki ýyldan bolsa, dünýäde ilkinji gezek Corel kompaniýasy “CorelDRAW 3”
uniwersal grafiki programmalar paketini öndürmek arkaly öz rewolýusiýasyny
dowam etdi. Bu paketa wektor illýustrasiýalary döretmek üçin instrumentler,
sahypalaryň maketleri, suratlary redaktirlemek we beýleki mümkinçilikler
girizilipdi. Ondan bäri geçen 25 ýylyň dowamynda CorelDRAW Graphics
Suite dürli grafiki çözgütleri tapmakda öz goşandyny goşmagyny we hasam
kämilleşmegini dowam edip gelýär.
Mac ulanyjy hökmünde
CorelDRAW
programmasyndan
binesip galdym. Soň begenmänem
durmadym şeýle bolanyna. Sebäbi
köp dizaýnerlerem wagtyň geçmegi
bilen Adobe Illustratora geçýärler.
Esasy sebäpleri hem şular:
Adobe Illustrator programmasy
wektor grafika döretmäniň standart
programmasyna öwrülip barýar.
Eden işleriňi başga dizaýnerler bilen
paýlaşmakçy bolnanda .ai görnüşli
surat umumy bilinýän görnüşe
öwrülip barýar we printerlerem
päsgelçilik döredenok.
Adobe
Illustrator
Adobe
maşgalasynyň önümi bolanlygy
sebäpli Adobe Photoshop we
Adobe InDesign programmalary
bilen birlikde ulanmak has aňsat.
Kompýuterleriň işleýşi has güýçlenip
Adobe Illustrator bilen Adobe
Photoshop
programmasyny
birleşdirseler has gowy bolardy diýip
pikir edýärin.
AWTOR
14 RENKLI ŞEKILLER
MAGLUMATLAR
MAGLUMATLAR
GYZYKLY MAGLUMATLAR
“COREL” kompaniýasy aslynda has irräk, ýagny 1985-nji ýylda
döräpdi. Kompaniýanyň ady - ony esaslandyryjy Maýkl Kowplendiň
(COwpland REsearch Laboratory) ady bilen baglydyr. Kompýuterler
üçin programma üpjünçiligi bilen meşgullanan bu kompaniýanyň
“CorelDRAW” diýip atlandyran önümini çykarandan soň, Ýewropada
we Sowet soýuzynda uly meşhurlyga eýe boldy. Sebäbi, bu beýle
mümkinçiliklere eýe bolan iň birinji programmady. Aşakda CorelDRAWyň kämilleşiş yzygiderligini görkezeýin:
1989 ýyl: CorelDRAW 1.0 – programmasy grafiki dizaýn önümçiliginde
Windows üçin ilkinji grafika bilen işleýän programma bolmak bilen
rewolýusiýa amala aşyrdy.
1990 ýyl: CorelDRAW 1.1 – programma 2 we 3 ölçegli dizaýn
proýektleri bilen işlemek üçin AutoCAD DXF® faýlyny import we
eksport etmek mümkinçiligi goşuldy.
1991 ýyl: CorelDRAW 2 – bu wersiýada “Çap etmezden öň
birleşdirmek” (Слияние при печати) funksiýasy girizildi. Şeýlede
obýektleri we figuralary birleşdirmek we üýtgetmek üçin «Оболочка»,
«Перетекание», «Вытягивание» we «Перспектива» diýlip
atlandyrylýan instrumentler girizildi.
1992 ýyl: CorelDRAW 3 – munda “Redaktirlemek mümkinçiligi bilen
synlamak” režimi goşuldy, şeýle hem CorelDRAW 3 Windows OS üçin
ilkinji grafiki programmalar paketi boldy. Bu paketa rastr suratlary
döretmek, üýtgetmek üçin niýetlenen Corel® PHOTO-PAINT™
programmasy hem goşuldy.
1993 ýyl: CorelDRAW 4 – bu wersiýada bolsa köp sahypa döretmek,
ýagny 999 sahypa çenli göwrümli dokument bilen işlemäge
mümkinçilik berildi. Şeýlede bu wersiýada Iş meýdançasynda artykmaç
ýer tutmazlyklary üçin instrumentleri islän ýeriňe süýşürip ulanmak
funksiýasy hem goşuldy.
1994 ýyl: CorelDRAW 5 – bu wersiýada Postscript® we TrueType®
goldamak mümkinçiligi berildi. Şeýle-de reňkleri dolandyrmak üçin
birnäçe amatlylyk döredildi.
1995 ýyl: CorelDRAW 6 – bu wersiýa Microsoft kompaniýasynyň
Windows 95-i bilen bir günde ulanyşa berildi. Şeýle-de CorelDRAW
6 32-bitlyk kompýuterler bilen doly işläp bilýän ilkinji wersiýa boldy.
Programma “Разлинованная бумага” instrumenty goşuldy hem-de
sahypanyň iň uly razmeri 90x90 sm-dan 46x46 m-e çenli ulaldyldy.
MAGLUMATLAR
RENKLI ŞEKILLER
15
MAGLUMATLAR
GYZYKLY MAGLUMATLAR
1997 ýyl: CorelDRAW 7 – bu wersiýada gerekli bolan
instrumentleri päsgelçiliksiz ulanar ýaly “интерактивная
панель свойств” goýuldy. Tekst bilen işleýän täze
instrumentler goşuldy, orfografiýanyň, grammatikanyň
awtomat barlagy goşuldy.
1998 ýyl: CorelDRAW 8 – esasy üýtgeşme – başga
formatdaky faýllary import etmek funksiýasy goşuldy. Şeýlede kölege goşmak üçin instrumentler, liniýalary we obýektleri
pyrlamak üçin funksiýa goşuldy.
1999 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite 9 – bu wersiýada
iş meýdançasynda birnäçe reňkler palitrasyny berkitmek
mümkinçiligi berildi.
2000 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite 10 – munda
dokumenti *pdf formata öwürmek funksiýasy goşuldy. Şeýlede sahypalary dolandyrmak boýunça goşmaça funksiýalar
goşuldy.
2002 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite 11 – bu wersiýada
simwollar bilen işlemek mümkinçiligi berildi, şeýle-de
obýekt döredip, bibliotekada ýatda sakladyp, iş prosesiň
dowamynda ona birnäçe gezek ýüzlenmek mümkinçiligi
doredildi.
2004 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite 12 – bu wersiýada
tekst instrumentinde goşmaça funksiýa berildi, dinamik
görkezijiler goyuldy, bir obýektiň beýleki bir obýekt bilen
bilelikde ulaldyp-kiçeltmek mümkinçiligi berildi.
2006 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite X3 – munda
täzelikler hasam köpdi, wektor grafikada rastr surat
bilen işlemek üçin Corel PowerTRACE™, Corel®
PHOTO-PAINT™ laboratoriyalary goşuldy. Şeýlede bu wersiýada wektor obýektleri kesmäge hem
mümkinçilik berildi, öňki wersiýalarda diňe rastr
suratlary kesip ulanyp bolýardy.
16 RENKLI ŞEKILLER
MAGLUMATLAR
MAGLUMATLAR
GYZYKLY MAGLUMATLAR
2008 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite X4 – teksti
formatirlemekde ulanylýan funksiýalar ösdürildi, tablisa bilen
işlemek hasam kämilleşdI. Başga formatdaky faýllary import
etmek (şol sanda PDF 1.7 Microsoft Publisher 2007), RAW
format, 300-den gowrak fotokamera modellerininki. Şeýlede CorelDRAW ConceptShare™ hem goşuldy.
2010 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite X5 – bu wersiýada
gaty köp üýtge\me boldy, vagny sanardan kqn. Esasylardan
birisi - Corel® CONNECT™ goşuldy. Web grafikalary we web
animasuyalary tayyarlamakda täze mümkinçilikler berildi.
2012 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite X6 – dokumentler
bilen işlemekde täze reňkler sazlaşygy döredildi.64 bitlyk
sistemalara we köp ýadroly prosessorlara minnetdarlykda
işleýiş prosesi çaltlandyryldy.Web saýtlary özbaşdak design
etmek mümkinçilik berildi.
2014 ýyl: CorelDRAW Graphics Suite X7 – Täze işläp
taýýarlanan interfeýsli, we täze instrumentler goşulan, we
başgada reňkler bilen sazlaşykly işlemekde goşmaçalar
goşulan
CorelDRAW Graphics Suite X7 döredijilik
dünýäsinde ýene bir ädim öňe ätledi.
Şeýlelikde “CorelDRAWmy ýa-da Illustrator ulanmak
üçin amatly?” diýen hyşy-wyşylar öňkiligine galybersin.
Olaryň ikisinde-de artykmaçlyklar we ýetmezçilikler bar.
Tapawutlaryny bilmek isleýän bolsaňyz google gözleginden
peýdalansaňyz has gowy bolar.
PÄLWAN MUHYÝEW
MAGLUMATLAR
RENKLI ŞEKILLER
17
REŇKLER
OWADAN REŇKLER
Owadan reňkleriň sazlaşygy
18 RENKLI ŞEKILLER
REŇKLER
LOGO
LOGOLAR HAKDA
GIZLIN MANYLY LOGOLAR
Logolar tutyş kärhanyň manysyny edýän
işini özünde jemleýär. Kähalatlarda dizaýnerler şeýle
bir gowy logo ýasaýalar welin gizlin manylar emele
gelýär. Kärhanalar bolsa köpçülige logolarynyň manylaryny kän ýetirip hem baranoklar. Aşakda 10 sany
meşgur logolaryň gizlin manylaryny size hödürleýäris.
Evernote
VAIO
Noutbuk öndürýän kärhana VAIO logosunda
göni adyny ýazypdyr. Bize görünýäni şol. Ýöne V hemde A harpy bilelikde analog gisnaly şekillendiripdir. I
hem-de 0 bolsa sifrlenen signal hökmünde.
FedEx
Pilleriň huşy beýleki jandarlara garanyňda has
ýitidir we ol ýüzleri hem-de wakalary ýadynda saklap
bilýär. Eddil şol sebäpli bellikler programmasynyň
logosy pil. Piliň gulagy çala kagyzyň burçy eplenen
ýaly eplenipdir. Munyň bilen Evernote bize hiç zady
ýatdan çykarmajagyňyza güwä geçip biljekdigini
aýdýar.
TOYOTA
Poçta hyzmatlarynyň iň öňdebaryjylarynyň we
meşgurlarynyň biri. Iberen poçtaňyz iň gysga wagtda
ugradylan ýerine barýandygyny görkezmek üçin E we
x harpyň arasynda sag tarapa ok şekli bar. Adidas
TOYOTA awtoulag öndürýän kärhana başda
tikin maşynlaryny öndürip başlapdyr. Şonyň üçinem
logo iňňäniň gözünden sapak geçýän ýaly ýasalypdyr.
Bul hemmesi däl. Logo T O Y O T A sözüni öz içinde
jemleýär. Egin eşik öndürýän adidas kärhananyň ady
ony esaslandyryjysy Adolf Dasleriň adyndan we
familýasyndan gysgaldylyp alnandyr. Bu üç çyzyk
sportsmenleriň hemişe döz gelip geçmeli 3 çyzygyna
meňzedilýär.
LOGO
RENKLI ŞEKILLER
19
LOGO
LOGOLAR HAKDA
Picasa
Amazon
Suratlar bilen işlemek üçin döredilen programma Picasanyň logosy ilkinji bakyşda kameranyň
zatworyny ýatladýar. Ondan başgada logoda öýjagazynyň şeklini görmek bolýar. Programmanyň adyna
ser salsak Casas diýmek Ispan dilinde öý diýmegi
aňladýar, Pi bolsa Pixel index sözünden gysgaldylyp
alynan, iki sözi jemlesek Picasa diýmek “suratyňyz üçin
öý” diýmegi aňladýar.
Bu dünýä belli web saýtyň logosy gaty
ýönekeý. Ýöne bu ýönekeýlikde hem uly many ýatyr.
Sary ok şekli ýylgyryşyň şeklinde dur we hemişe hoşal
müşderileriň alamaty. Ok şekli a harpdan başlap z
harpda gutarýar. Bu bolsa web saýtda A harpdan
başlap Z harpa çenli ähli zady tapyp bolýandygyny
aňladýar. Hyundai
Baskin Robbins
Dünýä belli doňdurma satýan kärhana. B hemde R harpy kärhananyň adyny göterýän sözleriň baş
harplary. Ýöne bärde gizlin many asyl 31 sanyndadyr.
B harpynyň belli bir bölegi bilen R harpyň belli bir
bölegi başga reňkde. Şeýdip kärhananyň hödürleýän
doňdurma görnüşleriniň sany çykýar. 31 sany dürli
doňdurma.
Ubuntu
Dolandyryş ulgamynyň ady ubuntu öz dilinden terjime edilende “adam” diýmegi aňladýar.
Göräýmäge logo üçe bölünen üç sany nokatly tegelegi görkezýär. Ýöne bul üç sany adamyň el-ele tutyşyp
asmana seredip duran şeklidir.
20 RENKLI ŞEKILLER
LOGO
Köp kişiniň pikir edişi boýunça Hyundai
awtoulag kärhanasynyň logosy diňe baş “H” harpy
bolup durýar. Ýöne H harpy satyjy bilen müşderiniň
el gysyşyp duran siluetinden emele gelýär. Şunlyk
bilen dizaýnerleriň gizlin görkezen zady: kärhana we
müşderi hemişe ylalaşykly bolar.

Documentos relacionados